Jeep kompaniýasy ABŞ-da ýene bir yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu gezek 2021–2023-nji ýyllarda çykan 328 000 töweregi Grand Cherokee krossowerinde mesele ýüze çykdy.
Bu modelleriň yzky asma ulgamynda näsazlyk tapyldy. Hereket wagtynda ulgamdaky ýaýjygyň (pružiniň) ýerinden sypmagy mümkin. Munuň netijesinde ulagyň sürüjisi garaşylmadyk ýagdaýda dolandyryşy ýitirip biler.
ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) maglumatyna görä, bu şol bir näsazlyk sebäpli degişli awtoulaglaryň eýýäm üçünji gezek yzyna çagyrylyşydyr. Öňki kampaniýalar 2023-nji ýylda we 2026-njy ýylyň başynda geçirilipdi. Ýöne mesele ymykly çözülmän galypdyr — awtoulag eýelerinden näsazlyklar barada henizem şikaýatlar gelip gowuşýar.
Jeep kompaniýasy näsazlygyň «önümçilikde goýberilen ýalňyşlyk» sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy. Muňa garamazdan, kompaniýa öňki hyzmat merkezlerine ýüz tutmalaryň näme üçin meseläni doly çözmäge kömek etmändigini düşündirmedi.
NHTSA-nyň duýduryşyna görä, ýerinden gopan ýaýjyk awtoulagyň dolandyrylyşynyň duýdansyz ýitirilmegine sebäp bolup biler. Mundan başga-da, aýrylan detal ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylary üçin hem howp döredip biler. Şol bir wagtyň özünde, düzgünleşdiriji edara häzirlikçe bu näsazlyk bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysasynyň ýa-da şikes ýetmesiniň hiç bir ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny belleýär.
Täze yzyna çagyrma kampaniýasy düzgünleşdiriji edara ara gireninden soň yglan edildi.
Degişli Grand Cherokee awtoulaglarynyň eýelerine kemçiligi düzetmek üçin öz diler merkezlerine ýüz tutmak maslahat berildi.