Biznes gijelerine näme satyn alýar?: 📈ALSAT-dan 5 sany garaşylmadyk fakt

Düýn, 18:393,742
1 / 10

Sagat 03:27. Kimdir biri awtomatik tok öçürijini sargyt etdi.

01:01-de — kalkulýator.

01:16-da — doňdurylan malina.

23:00 töwerekleri bolsa — süýjülik.

Muny gören badyňa: «Gijäniň bir wagty kim beýle zatlary satyn alyp ýörkä?» diýen sorag kelläňe gelýär.

Jogap sargytlaryň özünden hem gyzykly eken.

Kalkulýator üçin sargyt Hindistandan, doňdurylan malina üçin bolsa ABŞ-dan gelip gowuşdy. CHINT 25 A awtomat tok öçürijisi bilen süýjülikler bolsa ýerli, Türkmenistanly alyjylardan, gije 03:27-de sargyt edildi.

Bu sargytlar bir zady aýdyň görkezýär: harytlaryň onlaýn gözlegi iş gününiň tamamlanmagy bilen gutarmaýar. Alyjy zerurlyk ýüze çykan halatynda harydyny islendik wagtda gözläp, sargyt goýup biler. Satyjy bolsa gijäniň ýarynda telefona garaşyp oturman, sargydy ertir işe başlan badyna kabul edip bilýär.

1. Iş güni gutarsa-da, biznesiň zerurlygy ýatanok

Eger sagat 22:30-da ertir kabeliň, kartrijiň ýa-da haýsydyr bir enjamyň gerek boljakdygy anyklanylsa, sagadyň näçe bolandygy möhüm däl. Öň şeýle ýagdaýda gözleg köplenç irden başlanýardy: jaňlar edilýärdi, tanyş üpjün edijilerden soralýardy, bahalar we harydyň elýeterliligi anyklanylýardy. Indi bolsa bu işleriň bir bölegini derrew başlap bolýar.

📈ALSAT-da 126 satyjydan 31 müňden gowrak işjeň haryt pozisiýasy ýerleşdirilýär. Şonuň üçin alyjy dürli teklipleriň arasyndan gerek zadyny gözläp, islendik wagtda sargyt goýup bilýär.

📈ALSAT satyjylardan gije işlemegi talap etmeýär. Ol diňe alyjyny ertire çenli garaşmakdan dyndarýar.

2. Biznes tendensiýalary däl, çözgütleri satyn alýar

Internet söwdasynda köplenç smartfonlar, gajetler we mahabat bannerlerinde owadan görünýän beýleki önümler öňe çykarylýar.

Biznes üçin bolsa esasy maksat başga: ertir hemme zadyň kadaly işlemegini üpjün etmek.

📈ALSAT-da satylan dürli pozisiýalaryň sany boýunça mekdep harytlary we kanselýariýa— 38, öý-hojalyk tehnikasy— 25, hojalyk harytlary— 11 görnüş bilen öňde barýar.

Satylan harytlaryň umumy bahasy boýunça bolsa elektronika öňdeligi eýeleýär. Iň köp üns çeken önüm täze smartfon däl eken.

Pul kabul ediji enjamlarsatuw möçberi 114 900 TMT.

Biznesde gowy haryt köp «like» ýygnan önüm däl. Ol zerur meseläni çözýän harytdyr.

3. Sanawda 30 haryt bar bolsa, 30 sahypa açmak hökman däl

Adaty onlaýn söwda ýönekeý görünýär: tapdyň → saýladyň → satyn aldyň.

Ýöne satyn alyş bilen meşgullanýan hünärmen köplenç diňe bir haryt gözlemeýär. Onuň elinde 30 dürli önümden ybarat sanaw bolup biler. Şonda «Bularyň hemmesini nireden tapmaly?» diýen sowal ýüze çykýar.

📈ALSAT-da munuň üçin RFQ - Request for Quotation, ýagny bahalar boýunça teklip soramak hyzmaty işleýär.

RFQ arkaly eýýäm 839 sargyt işlenip, jemi 11 895 haryt pozisiýasy boýunça maglumatlar seljerildi.

Şol pozisiýalaryň 8 367-si üçin ulgam degişli teklipleri tapdy: 5 651-si doly gabat geldi, 2 716-sy bolsa alternatiw görnüşde hödürlendi.

Şeýlelikde, alyjy her bir harydy aýratyn gözlemegiň ýerine, zerur önümleriň doly sanawyny birbada iberip bilýär.

4. Hakyky gymmatlyk alyjynyň täzeden gelmegi bilen ýüze çykýar

Ilkinji sargyt synag bolup biler.

Gaýtalanýan sargyt bolsa eýýäm endigi görkezýär.

📈ALSAT-yň bir ulanyjy 37 sargyt beripdir. Başga biri bolsa bir günüň içinde 11 sargyt edipdir. Käbir alyjylar bir-iki günden soň täzeden gelen bolsa, beýlekiler birnäçe aýdan soň gaýdyp gelipdir.

Bu biznes üçin aýratyn möhüm. Sebäbi satyn alyş köplenç bir gezeklik iş däl: sarp edilýän serişdeler gutarýar, täze gural gerek bolýar, bahalar üýtgeýär ýa-da täze taslama başlanýar.

Şonuň üçin gowy satyn alyş platformasy diňe bir meseläni çözmek bilen çäklenmän, alyjynyň indiki sargydy üçin hem täzeden dolanmak isleýän ýerine öwrülmelidir.

5. Haryt diňe barlygy bilen çäklenmän, aňsatlyk bilen tapylmalydyr

Hiç kimiň tapyp bilmeýän harydy bukulyp saklanylýan önüm ýalydyr.

Ol ammarda bolup biler, bahasy amatly bolup biler we hut şol wagt kimdir birine zerur haryt hem bolup biler. Ýöne bir mesele bar: alyjy onuň bardygyny bilmeýär.

Şonuň üçin biznes üçin haryt satyn almagyň ýoly hem üýtgeýär. Gözleg indi tanyş üpjün edijä jaň etmekden däl-de, internetde belli bir harydy gözlemekden, 📈ALSAT-daky degişli sahypany tapmakdan ýa-da RFQarkaly talap ibermekden başlanýar.

Seljerilen döwürde 📈ALSAT-a 60 müňe golaý ulanyjy girip gördi, hasaba alnan ulanyjylaryň sany bolsa 6 müňden geçdi.

Satyjy üçin bu önümlerini diňe tanyş müşderilerine däl, eýsem täze alyjylara hem görkezmek mümkinçiligini döredýär.

Alyjy üçin bolsa öňden telefon belgileri özünde bar bolan üpjün edijiler bilen çäklenmän, has köp satyjyny we teklibi görmäge şert döredýär.

Tehnologiýa gündelik endige öwrülende

Islendik tehnologiýanyň ulanylyşy şeýle bir adaty ýagdaýa öwrülýär welin, wagtyň geçmegi bilen onuň özi ünsümizi çekmeýär. Biz habar iberenimizde onuň nähili tehnologiýanyň üsti bilen gidýändigini pikir etmeýäris. Diňe ýazýarys.

Satyn alyş işlerinde hem şuňa meňzeş ýagdaý kem-kemden ýüze çykýar.

Kimdir biri gijelerine zerur detalyny gözleýär. Başga biri Excel faýlyny RFQ arkaly iberýär. Kimdir biri ilkinji sargydyny berýär. Ýene biri bolsa eýýäm 37-nji sargydyny edýär.

Munuň özi sanlylaşdyrma baradaky köp gürrüňlerden hem has gyzykly netije berýär:

Onlaýn satyn alyş kem-kemden ýönekeý satyn alyşa öwrülýär.

Biznes üçin haryt satyn alýarsyňyzmy? Gerek harydy tapyň ýa-da RFQ arkaly önümleriň sanawyny iberiň.

Haryt satýarsyňyzmy? Önümleriňizi ýerleşdiriň, olar diňe telefon belgiňiz öňden bar bolan müşderilere däl, eýsem täze alyjylara hem görünsin.

📈ALSAT — biznes üçin hemme zat aňsat!