«Barselona» futbol kluby Revolut bankynyň maliýe hyzmatdaşlygy baradaky teklibini ret etdi. Muňa bankyň portugaliýaly futbolçy Luiş Figu bilen işleşýändigi sebäp boldy. Mundo Deportivo neşiri bu barada Catalunya Ràdio salgylanyp habar berýär.
Çeşmäniň maglumatyna görä, kataloniýaly klub Revolut bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine garapdyr. Emma hödürlenýän amatly maliýe şertlerine we halkara derejesindäki giň gerime garamazdan, klub hyzmatdaşlykdan ýüz öwrüpdir. Çünki muňa bankyň ýüzi hökmünde Figunyň çykyş etmegi böwet bolýar: öňki futbolçy mahabat kampaniýalarynyň birinde «Barselonadan» «Reala» geçişi barada gürrüň berýär.

Figu 1995–2000-nji ýyllar aralygynda «Barselonada» çykyş edipdi. Soňra bolsa garaşylmadyk ýagdaýda klubyň esasy garşydaşy «Reala» geçdi. Bu transfer iki klubuň arasyndaky bäsdeşligiň taryhynda iň uly gowur turzan wakalaryň birine öwrüldi. «Barsanyň» janköýerleri muny dönüklik hasaplady.

Figu üçin «Real Madridiň» düzüminde «Kamp Nou» stadionynda 2000-nji ýylyň noýabryndaky ilkinji gezek çykyş eden oýny aýratyn dartgynly geçipdi. Portugaliýaly futbolçy janköýerleriň gykylyklary we kemsidiji sözleri bilen garşylandy. Janyýangynly adamlar stadionyň münberlerinden meýdança ellerine ilen zatlary zyňdylar.
Indi Figu bu wakany gelip-gelip, Revolutyň mahabatynda ulanýar. Mahabatlaryň birinde oňa «Barselonadan» «Reala» geçenindäki transfer bahasy bolan 61 million ýewro möçberinde pul geçirilýär. Figu bolsa tomaşaça bakyp:
«Maňa beýle seretme. Ýerimde bolsaň, senem şeýderdiň» diýýär.
Mahabatyň şygary:
«Pul üçin şeýtse bolar — Revoluta geç!»
Mundan başga-da futbolçy mahabatda «El dinero importa» («Pul möhüm zat») diýip, aýratyn nygtaýar.
Häzirki wagtda «Barselona» kluby CaixaBank bilen şertnamany uzaltmak boýunça gepleşikleri dowam etdirýär. Bu bank klubuň maliýe hyzmatdaşy bolup durýar. Öňki şertnamanyň möhleti bolsa bir ýyl ozal tamamlandy.