«Liwerpulyň» öňki hüjümçisi, häzirki wagtda «Al-Nasr» klubunda çykyş edýän Sadio Mane öz watanynda uly taslama badalga berdi. Senegally futbolçy öz dogduk obasy Bambalide bahasy 20 million dollara deň bolan ägirt uly oba hojalyk toplumynyň gurluşygynyň başlanýandygyny yglan etdi.
SM10 Agro adyny alan kärhananyň düýbi eýýäm tutuldy, gurluşyk işleri 18 aý töweregi dowam eder.
Taslama Kazamans sebitiniň oba hojalygy ulgamyny özgertmäge gönükdirilip, 500 gektar meýdanda, takmynan, 78 000 mango agajyny oturtmagy göz öňünde tutýar. Ilkinji hasyly, çen-takmyn, üç ýyldan almaga garaşylýar. Plantasiýa 2031-nji ýyla çenli doly güýjünde işläp başlar.
Ösdürip ýetişdirmekden başga-da, toplum ýylda 8 500 tonna önüm kuwwaty bolan miweleri düýpli gaýtadan işlemek bilen meşgullanar. Kärhana mango lötüni, gury miweleri we mango ýagyny öndürer. Maneniň aýtmagyna görä, ammar jaýlarynyň we gaýtadan işleýän desgalaryň ýoklugy sebäpli, Sediu welaýaty häzirki wagtda hasylyň 30 göteriminden 40 göterimine çenlisini ýitirýär.
Mane taslamany işe girizmegiň maksady barada şeýle diýýär:
«Men topragymyzyň baýlygynyň şu ýerde, biziň bilen galmagyny isleýärin».
Deslapky hasaplamalara görä, SM10 Agro gönüden-göni 1 000-den gowrak iş ornuny döreder. Uzagy bilen işgärleriň sanyny 2 500 adama çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.
Önümçilik sehlerinden başga-da, Mane oba hojalyk kollejini we ylmy-barlag merkezini döretmegi göz öňünde tutýar. Bu ýerde ýaşlara we gelin-gyzlara döwrebap agrotehnologiýalar mugt öwrediler.