Alymlar Keniýada ýer gabygynyň ýukalyp barýan zolagyny tapdylar

Düýn, 19:102,899

Alymlar Gündogar Afrika rift ulgamynyň bir bölegi bolan Keniýanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Turkana zolagynda ýer gabygynyň işjeň ýukalma alamatlaryny tapdy.

Bu ýerde kristal gabyk rift okunyň uzaboýuna ýukalyp, häzirki ýagdaýda onuň galyňlygy 12,7 kilometre barabardyr.

Rifting – bu ýer gabygynyň dartylyp, kem-kemden ýukalma prosesidir. Deformasiýa ilki uly meýdany öz içine alýar, soňra rift okunyň uzaboýuna jemlenýär. Dartylma, soňlugy bilen, täze umman basseýniniň emele gelmegine getirip biler.

Barlaglara görä, Turkana zolagynda ýer gabygynyň bogaz şekilli işjeň ýukalmasy, takmynan, 4 million ýyl mundan ozal başlapdyr. Üýtgeşme birnäçe esasy jaýryklaryň ugrunda jemlenipdir, onuň dartylyş tizligi bolsa ýokarlanypdyr. Şors jaýrygy ulgamynda ol ortaça ýylda, takmynan, 1,2 mm, Lapur jaýrygy boýunça bolsa ýylda, takmynan, 0,55 mm boldy.

Sebitiň häzirki ýagdaýy diňe tektoniki plitalaryň şu wagtky hereketi bilen baglanyşykly däl. Barlagçylar dartylmanyň has gadymy hadysalarynyň yzlaryny tapdy. Alymlaryň pikiriçe, Merkezi Afrika rift ulgamynyň irki gurluşlary ýer gabygynyň gowşamagyna sebäp bolupdyr, soňraky wulkan atylmalary bolsa bu hadysanyň üstüni ýetiripdir.

Bu açyş adamyň gelip çykyşyny öwrenmek üçin hem möhümdir. Turkana zolagynda gadymy gominidleriň köp sanly galyndylary we arheologik tapyndylar bar. Takmynan 4 million ýyl mundan ozal bu ýerde has uly, üznüksiz çökündi basseýnleri emele gelip başlapdyr, bu bolsa galyndylaryň toplanmagyna we saklanyp galmagyna amatly şertleri döredipdir.

Alymlar munuň Gündogar Afrikanyň ýakyn wagtda bölünip gitjekdigini aňlatmaýandygyny nygtaýar. Şeýle geologik prosesler millionlarça ýylyň dowamynda emele gelýär. Awtorlar Turkana zolagynyň riftiň ewolýusiýasynda eýýäm möhüm tapgyra ýetendigini we geologik gerimde yklymyň bölünmegine getirip biljek prosesleri öwrenmäge mümkinçilik berýändigini aýdýar.