Toyota kompaniýasy öz kärhanalarynda adamlar bilen bilelikde işlejek 400 müňe golaý ELEY (Embodied Learning Robot for Enhanced Yield) adam şekilli robotlaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu çäre kompaniýanyň global önümçiligini döwrebaplaşdyrmagyň bir bölegi bolar.
Robotyň agramy 50 kg töweregi bolup, ol akkumulýatordan ýa-da elektrik ulgamyndan energiýa alýar, aýaklaryň deregine tigir platformasyny ulanýar. ELEY her birinde iki «barmagy» bolan iki el bilen üpjün edildi. Robotyň ölçegleri we bogunlarynyň ýerleşişi uly ýaşly ýapon erkeginiň ortaça beden gurluşy göz öňünde tutulyp hasaplanyldy.

2028-nji ýyldan başlap Toyota we onuň toparyna girýän kompaniýalar tutuş dünýä boýunça zawodlary döwrebaplaşdyrmaga her ýyl 1 trillion ýena (takmynan, $6,42 mlrd) maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Toyota-nyň özi 150 müň roboty ornaşdyrmagy meýilleşdirýär, ýene 250 müň sanysy bolsa toparyň beýleki kompaniýalarynyň kärhanalarynda peýda bolar.
ELEY bölek şaýlary tutmagy, olary konteýnerleriň arasynda geçirmegi we mata bilen işlemegi başarýar. Şeýle-de ol öwrenmäge we hereketleriň yzygiderliligini özbaşdak kämilleşdirmäge ukyply. Toyota-nyň Ýewropadaky ştab-kwartirasynda geçirilen görkezilişde ELEY köýnekçeleri epledi. Iki hepdelik okuwdan we 1500 töweregi synanyşykdan soň, tabşyrygyň ýerine ýetiriliş takyklygy 100 göterime golaýlady.
Toyota robotlary gönüden-göni işgärleriň hereketleriniň üsti bilen okatmak isleýär. Käbir önümçilik hatarlarynda işçiler ELEY-iň barmaklaryna meňzeýän ýörite tutaçlary ulanyp, adaty amallary ýerine ýetirýär. Ulgam hereketleri, güýji, traýektoriýany we ritmi ýazgy edip, adam tejribesini maşyna öwretmek üçin zerur maglumatlara öwürýär.
Hususan-da, ýokary hünärli işgärleriň amaly başarnyklaryny sanly görnüşe geçirip, soňra robotlara geçirmek meýilleşdirilýär. Kompaniýada tejribeli ussat derejesi berlen 18 müňe golaý hünärmen bar.
Geljekde ELEY tarapyndan bir zawodda özleşdirilen başarnyklary Toyota-nyň tutuş dünýädäki beýleki robotlaryna hem geçirip bolar. Kompaniýa öwredilen robotlaryň täze işgärlere-de önümçilik amallaryny özleşdirmäge kömek edip biljekdigine ynanýar.
Toyota-nyň wise-prezidenti Hiroki Nakadzima taslamanyň maksadynyň işgärleri maşynlar bilen çalyşmak däldigini nygtady. Kompaniýa adamlar bilen robotlaryň bilelikde işlejek önümçiligini döretmäge ymtylýar.
Häzirki günde Toyota-nyň tutuş dünýä boýunça, takmynan, 60 kärhanasy bolup, ol 391 müňe golaý işgäri öz içine alýar, olardan 344 müňe golaýy awtomobil biznesinde zähmet çekýär.