Toyota kompaniýasy altynjy nesil RAV4 üçin ilkinji täzelenmäni taýýarlap başlady. Ýaponiýanyň Creative Trend neşiriniň habar bermegine görä, krossoweriň doly ýöredijili gibrid görnüşleri Multi-Terrain Select ulgamynyň iki täze režimine eýe bolar.
Häzirki Snow we Trail režimleriniň ýerine iki sany ýöriteleşdirilen sazlama goşular:
- Mud & Sand — batgaly we çägeli ýollarda hereket etmek üçin;
- Rock & Dirt — daşly we toprak ýollarda sürmek üçin.
Toyota-nyň Multi-Terrain Select ulgamy dürli ýol şertlerine görä awtoulagyň çekiş we tormoz ulgamlarynyň işini sazlamaga mümkinçilik berýär.

Mundan öň RAV4-iň şeýle ýol şertleri üçin niýetlenen sazlamalary diňe benzinli görnüşlerinde elýeterlidi. Indi Toyota, maglumatlara görä, bu mümkinçilikleri gibrid modifikasiýalara hem goşmagy meýilleşdirýär.
Täzelenme, ilkinji nobatda, ýapon bazaryna niýetlenen 2027-nji model ýylyna degişli RAV4 ulaglarynda garaşylýar. Täze režimleriň ABŞ, Ýewropa we beýleki bazarlar üçin öndürilýän RAV4 görnüşlerinde hem peýda boljakdygy häzirlikçe tassyklanmady.