Türkmenistanyň Prezidenti 45 ýaşady: daşary ýurt Liderlerinden gutlaglar gelip gowuşýar

Şu gün, 09:442,140
1 / 2

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu gün 45 ýaşady. Ýaş toýy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we beýleki dünýä liderleri döwlet Baştutanyna gutlaglary iberdi diýip, TDH habar berýär.

Si Szinpin öz gutlagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Týanszin sammitine hem-de hytaý halkynyň Ikinji jahan urşunda gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Pekine bolan saparynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygyny ýatlady.

«Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň «Bitewi ykbal bileleşigini» gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn» – diýip, HHR-iň Başlygynyň hatynda aýdylýar.

Prezident Wladimir Putin öz gezeginde Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandyny belledi:

«Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işlerimizi dowam etdireris».

Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanyny Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko hem-de Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy Kirill gutlady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde ýurduň Prezidentine tüýs ýürekden gutlagyny beýan etdi.