Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ganadaky we Kubadaky täze ilçilerini belledi

Şu gün, 14:221,037

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Gana we Kuba döwletlerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet Baştutanynyň Permany bilen Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Gana Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellendi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri) Hemişelik wekili Wepa Segsengeldiýewiç Hajyýew şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky ilçisi boldy.