Şakira Bişkekde ýatdan çykmajak konsert berdi: onuň ykdysadyýete $30 mln getirmegine garaşylýar

Düýn, 17:404,899
1 / 3

18-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek kolumbiýaly aýdymçy Şakiranyň konserti geçirildi. «Las Mujeres Ya No Lloran World Tour» dünýä syýahatynyň çägindäki çykyş «Bişkek Arena» stadionynda guralyp, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan on müňlerçe janköýeri jemledi.

Aýdymçy Gyrgyzystanyň paýtagtyna şüweleňiň öňüsyrasyndaky gije geldi, bu ýerde ony Prezident administrasiýasynyň wekilleri we guramaçylar garşylady.

Şüweleňe taýýarlyk wagty aýdymçy gyrgyzlaryň milli başgabyny hem geýip gördi.

Konsert 40 minut gijikme bilen başlandy, ýöne aýdymçy ilkinji minutlardan tomaşaçylaryň göwnüni alyp bildi: ol «La Fuerte» aýdymynyň astynda göni fan-zonanyň tribunalarynyň üsti bilen sahna tarap ýöredi.

Agşamyň dowamynda Şakira özüniň «Hips Don't Lie», «La Tortura», «Chantaje», «Loca», «Whenever, Wherever», «Can't Remember to Forget You» ýaly hit aýdymlaryny, şeýle hem ogullary Milan bilen Saşa bagyşlanan «Acróstico» hem-de 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynyň senasy bolan «Waka Waka» aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Aýdymçy azyndan 13 sany sahna lybasyny üýtgetdi, şüweleňiň köp böleginde bolsa doly aýakýalaň çykyş edip, konserti tanslar bilen bezedi.

Agşamyň iň täsirli pursady Şakiranyň «She Wolf» aýdymy astynda we gözlerinden lazer şöhlelerini saçýan möjegiň ägirt uly şekiliniň peýda bolmagy bilen sahna dolanmagy boldy. Konsertiň jemleýji nokady «Bzrp Music Sessions, Vol. 53» aýdymy bilen goýuldy.

Aýdymçy mähelle bilen «Gracias, Kyrgyzstan» sözleri bilen hoşlaşdy.

Dünýä ýyldyzynyň çykyşy diňe bir medeni däl, eýsem iri maliýe wakasyna hem öwrüldi. Gyrgyz Respublikasynyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet agentliginiň başlygy Eduard Kubatowyň baha bermegine görä, «Bişkek Arenada» 30 müň daşary ýurtlyny özünde jemlän bu konsertiň Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine, takmynan, 30 million dollar möçberinde peýda getirmegine garaşylýar.