Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» hormatly ady dakyldy

Şu gün, 09:222,191

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak barada Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şu raýatlara «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy:

  • Begmyrat Rejepdurdyýewiç Halwatjanow — Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi — yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi;

  • Parahat Agamämmedowiç Bäşimow — Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi.