Wenesiýaly pişik durmuşyny üýtgetmegiň ugruna çykdy: Pixar täze multfilminiň treýlerini görkezdi

Şu gün, 15:301,057
1 / 2

Pixar animasiýa studiýasy «Gatto» atly täze multfilminiň treýlerini köpçülige hödürledi. Multfilm 5-nji martda kinoteatrlarda görkezilip başlanar.

Multfilmiň baş gahrymany — Wenesiýada ýaşaýan Neron atly öýsüz pişik. Ol ençeme ýyllap köçelerde ygandan soň, öz durmuşy barada oýlanyp başlaýar. Neron garaşylmadyk ýagdaýda bir adam bilen dostlaşýar we Rokkо atly pişik mafiýasynyň başlygy bilen gapma-garşylyga girýär.

Taslamanyň režissýory «Luka» multfilminiň üstünde işlän Enriko Kazarozadyr. Şonuň ýaly-da ol Mark Ruffalo, Lourens Fişbörn, Jon Turturro, Izabella Rossellini we birnäçe tanymal aktýorlar bilen bilelikde multfilmiň seslendiriş işine-de gatnaşýar.

Multfilmiň sazyny Oskar baýragynyň eýesi Dario Marianelli ýazdy.

Täze multfilm bilen birlikde kinoteatrlarda «Aşyk Dori» atly gysga göwrümli multfilm hem görkeziler. Bu multfilmde ýatkeşligi pes bolan Dori atly balyk meduzadyr öýdüp, plastik torba aşyk bolýar. Emma Doriniň täze söýgüsi tiz wagtdan ýaramaz häsiýete eýe bolup, onuň üçin kynçylyklaryň çeşmesine öwrülýär.