ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdirligi (FAA) ýurduň ähli howa menzillerinden uçuşlara girizilen umumymilli gadaganlygy ýatyrdy. Takmynan, dört sagat dowam eden bu çäklendirme howa gatnawynda uly bökdençliklere sebäp boldy. Bu barada CNN habar berýär.
Şol wagtyň dowamynda ABŞ-dan uçmaly we ABŞ gelmeli 6 müňden gowrak gatnaw ýatyryldy. Ýüze çykan näsazlyk azyndan 1,5 million ýolagça täsir etdi. Bu görkeziji diňe uçuşlary ýatyrylan ýolagçylary öz içine alýar, gijikdirilen uçuşlaryň ýolagçylary bolsa hasaba goşulmady.
Wakanyň anyk sebäbi häzirlikçe belli däl. Deslapky maglumatlara görä, uçuşlar tor marşrutizatorlarynyň işlemegini bes etmegi netijesinde aragatnaşyk ulgamynda çykan uly näsazlyk sebäpli togtadylypdyr.
ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk ministri Markweýn Mallin häkimiýetleriň bu wakanyň bilkastlaýyn guralan hüjümdigine yşarat edýän hiç hili alamat görmeýändigini aýtdy. Şeýle hem ol ýüze çykan ýagdaýa 13-nji noýabrda bolan Microsoft ulgamyndaky giň gerimli näsazlygyň hem dahylynyň ýokdugyny nygtady.