Xiaomi awtoulaglary ilkinji gezek daşary ýurt bazaryna çykdy

Şu gün, 12:30540

Xiaomi kompaniýasynyň awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan bölümi ilkinji gezek daşary ýurt bazaryna çykdy. Birleşen Arap Emirliklerinden (BAE) ýerli diler Gargash Prime hytaý kompaniýasynyň awtoulaglary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady.

Satyn alyjylara SU7 sedany, YU7 krossoweri hem-de güýç ätiýaçlygy ýokarlandyrylan gibrid SkyNomad-yň N70 we N90 modelleri hödürlenýär. Mundan ozal Xiaomi-niň awtomobilleri BAE, esasan, hususy söwdagärler tarapyndan getirilýärdi. Şol sebäpli olaryň eýeleri resmi kepillikden we doly derejeli tehniki hyzmatdan peýdalanyp bilmeýärdiler.

Xiaomi SU7-niň başlangyç bahasy 169 900 dirhem (häzirki hümmet boýunça, takmynan, 46,3 müň dollar) möçberinde kesgitlenildi. YU7 modeliniň bahasy 184 900 dirhemden (50,3 müň dollar), SkyNomad N70 modeliniňki bolsa 209 900 dirhemden (57,2 müň dollar) başlanýar. Iň gymmat model bolan SU7 Ultra 375 900 dirhemden (102,4 müň dollar) satylýar.

Gargash Prime awtoulaglary diňe bir satyn almak üçin däl, eýsem uzak möhletleýin kärendesine-de berilýär. SU7-niň başlangyç görnüşiniň aýlyk kärende tölegi 3 899 dirhemden (1,06 müň dollar çemesi) başlanýar. YU7 üçin bu töleg 4 199 dirheme (1,14 müň dollar), SkyNomad N70 Pro üçin bolsa 4 699 dirheme (1,28 müň dollar) deňdir.

Awtoulaglary getirtmek üçin öňünden sargyt etmeli. Ilkinji ulaglar eýelerine 2026-njy ýylyň dekabrynda gowşurylar diýlip garaşylýar. Şol tapgyrda SU7 we YU7 modelleriniň başlangyç görnüşleri, SU7 Ultra hem-de SkyNomad-yň käbir täzelenen wesiýalary elýeterli bolar. Galan modeller bolsa, çak bilen, 2027-nji ýylyň fewralynda getiriler.

Xiaomi kompaniýasynyň BAE-däki resmi dileri hökmünde «Gargash Group» toparyna girýän Gargash Prime Automotive kompaniýasy çykyş edýär. Bu kompaniýa 1918-nji ýyldan bäri awtoulag bazarynda iş alyp barýar we Mercedes-Benz, Alfa Romeo hem-de GAC ýaly belli öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Resmi dilerden satyn alnan awtoulaglara bäş ýyla ýa-da 150 müň kilometre çenli kepillik berilýär. Şeýle hem 60 müň kilometre çenli tehniki hyzmat üpjün edilýär.