Dünýäniň üçünji raketkasy, ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras ATP-niň jemleýji ýaryşynyň finalynda dünýäniň birinji raketkasy, germaniýaly Aleksandr Zwerewden üstün çykdy. Duşuşyk 6:2, 7:6 (9:7) hasaby bilen tamamlandy.
«Men hem-ä ýekelikde, hem-de toparym bilen, hakykatdan-da, agyr pursatlary başdan geçirdim. Indi görkezýän tennisime göwnüm ýetýär. Şonuň üçin bu kubogy gazanmak meniň köp wagtdan bäri ymtylyp gelen arzuwymdy» diýip, Alkaras ýeňişden soň gürrüň berdi.

Tennisçi ýaryşy bir gezek hem ýeňilmän tamamlap, 5,17 million dollar gazandy. Bu ATP-niň jemleýji ýaryşlarynyň taryhynda çempiona berlen iň uly baýrak puludyr.
Indi 23 ýaşly Alkarasyň 2026-njy ýylda resmi ýaryşlarda gazanan baýrak pullarynyň umumy möçberi 12,5 million dollara, tutuş karýerasynyň dowamynda bolsa 74,3 million dollara ýetdi.
Bu ýeňiş Alkarasyň taryhy üstünliginiň hem üstüni ýetirdi. Ol karýerasynda «Uly tuwulganyň» dört ýaryşynyň ählisinde (Australian Open, French Open, US Open we Wimbledon-da) çempionlyk gazanyp, şeýle hem ATP-niň jemleýji ýaryşyny ýeňen taryhdaky dördünji tennisçi boldy. Ondan öň şeýle üstünlige diňe Andre Agassi, Rojer Federer we Nowak Jokowiç ýetipdi.