Hytaýda lotosyň baldagyndan elektrik energiýasyny almagy öwrendiler

Şu gün, 11:221,635
1 / 3

Hytaýly alymlar lotosyň baldagynyň esasynda gidrowoltaik generator işläp düzdüler. Ol suwuň tebigy bugarmasynyň hasabyna az mukdarda elektrik energiýasyny öndürip bilýär.

South China Morning Post gazetiniň bellemegine görä, enjam gije-gündiz dyngysyz işläp bilýär.

Bu oýlap tapma Fuszýan oba hojalyk we tokaý hojalygy uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Generator suwuň we zarýadly bölejikleriň hereket edýän ýeri bolan lotosyň baldagynyň içindäki dik akarlara esaslanýar. Netijeliligi ýokarlandyrmak üçin, alymlar ionlaryň we elektrik zarýadynyň geçirilişini ýeňilleşdirýän elektroaktiw Geobacter sulfurreducens bakteriýalaryny ulandylar.

Synaglar enjamyň 30 günden gowrak wagtlap durnukly elektrik energiýasyny öndürip biljekdigini görkezdi. Birnäçe generatory bir ulgama birikdirmek arkaly alymlar kiçi elektron enjamlary işletmek üçin ýeterlik energiýany aldylar. Şeýlelikde, 256 elementden ybarat toplumyň mobil telefony zarýad bilen üpjün edip bilýändigi anyklanyldy.

Onuň işleýiş ýörelgesi suwuň tebigy bugarmagyna esaslanýar. Suw köküň mikroakarlaryndan geçýär we bugarma wagtynda elektrik energiýasyna öwrülip bilýän zarýad tapawudyny döredýär. Gün panellerinden tapawutlylykda, bu energiýa çeşmesi günüň wagtyna gönüden-göni bagly däl: bugarma gijelerine hem dowam edýär.

Barlagyň awtorlarynyň biri, professor Hu Siçanyň sözlerine görä, bu tehnologiýa awtonom datçiklerde we daşky gurşawa gözegçilik ulgamlarynda ulanylyp bilner. Bu, esasan, elektrik ulgamlaryna birikmek ýa-da batareýalaryny yzygiderli çalşyrmak kyn bolan uzak ýerlerde ýerleşýän pes kuwwatly enjamlara degişlidir.