Mejlisde 2027-nji ýylyň Döwlet býujeti kabul edildi: Ol haýsy maksatlara gönükdiriler?

Şu gün, 10:444,277
1 / 4

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on üçünji maslahaty geçirildi. Onuň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi. Resminama döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Mejlisinde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň wekilleri bilen 2027-nji ýylyň Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň we Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary boýunça deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi.

Bellenilişi ýaly, 2027-nji ýylyň Döwlet býujeti Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmäge, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga, ösüşiň durnukly depginini saklamaga we sebitleri ösdürmäge gönükdirilendir.

Resminamada ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we senagatlaşdyrmak, senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa we beýleki pudaklaryň, şeýle hem bank ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we olaryň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak bilen bagly wezipeler göz öňünde tutulýar.

Şonuň ýaly-da ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, innowasion kärhanalary döretmek, hususy pudagy goldamak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň esasy bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda ylym-bilime, saglygy goraýşa, medeniýete, sporta, ýaşlar maksatnamalaryna, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Ara alnyp maslahatlaşylandan soň, deputatlar «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyny biragyzdan kabul etdiler.

Maslahatyň dowamynda geljek ýyl üçin esasy maliýe resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine hem garaldy.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we kanunçylyk taýdan üpjün etmek, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny wagyz etmek hem-de hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny bellediler.