Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň döwlet maliýe gözegçiligi ulgamyndaky tejribesi bilen tanyşdy

Şu gün, 12:091,264
1 / 3

23–25-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Taşliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Italiýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň çäklerinde 23-nji noýabrda Rim şäherinde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň Italiýanyň Hasap palatasynyň prezidenti Gwido Karlino bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda italýan tarapy Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň işi, onuň esasy wezipeleri we ygtyýarlyklary bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem döwlet buýurmasy esasynda gurulýan desgalaryň gurluşygynyň barşyna we hiline gözegçilik etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmen wekiliýeti öz gezeginde Italiýanyň Hasap palatasynyň taryhy, gurluşy, ygtyýarlyklary we iş tejribesi, şol sanda döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine hem-de döwlet serişdeleriniň dolandyrylyşyna gözegçilik etmek babatdaky işleri bilen tanyşdy.

24-nji noýabrda bilermenleriň derejesinde duşuşyklar geçirilip, taraplar gözegçilik we audit çäreleri boýunça tejribe alyşdylar, döwlet auditiniň milli ulgamlarynyň aýratynlyklaryny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

25-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Milanda ýerleşýän Italiýanyň Hasap palatasynyň Lombardiýa sebitindäki düzüm birligine baryp gördi we sebit hem-de ýerli häkimiýet edaralarynyň býujetleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň mehanizmleri bilen tanyşdy.

Bu iş sapary Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary maliýe gözegçilik edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy hem-de öňdebaryjy tejribe alyşmak we hünär hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin esas döretdi.