25-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawit Hudatýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Duşuşyk Nebitgaz toplumynyň binasynda geçirildi. Toparlaryň ýolbaşçylary ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň we Ermenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli syýasy hyzmatdaşlygy alyp barýandyklary nygtaldy.
Mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe, ylym-bilim, medeniýet, sport, ulag, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar we şertnama-hukuk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine hem garadylar.
Sebit arabaglanyşygyny berkitmek, Hazarüsti ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meseleleri, şeýle hem emeli aňyň ulag ugurlaryny ösdürmekde we Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmekde açýan mümkinçilikleri aýratyn üns merkezinde boldy. Energetika ulgamynda uglewodorod serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ylym-bilim ulgamlarynda ylmy-tehniki gazanylanlary we innowasiýalary alyşmak, iki ýurduň ylmy institutlarynyň, merkezleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça anyk çäreler kesgitlenildi. Şeýle hem sport federasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara Medeniýet günlerini geçirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we goramak meselelerine garaldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin anyk ädimleri kesgitleýän degişli Teswirnama gol çekildi.