Türkmenistanyň ilçisi Esen Aýdogdyýew 24-nji noýabrda Kanadanyň General-gubernatory Luiza Arbura ynanç hatlaryny gowşurdy. Resmi dabara General-gubernatoryň Ottawadaky kabulhanasy bolan Rido-holl köşgünde geçirildi diýip, THP habar berýär.
Dabaradan soň geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomaty Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Luiza Arbur bildirilen hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk aýdyp, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna öz salamyny we ýagşy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda Kanadanyň General-gubernatory Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna hem ýokary baha berdi.