25-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Terehowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Olar ýokary derejedäki amala aşyrylan saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.
Halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklar meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Belarusyň özara başlangyçlary yzygiderli esasda goldanýandygy nygtaldy.
Şeýle hem duşuşykda türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we geljekki mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.