Baýkal kölünde we Angara derýasynyň suw howdanlarynda adamlara hem-de haýwanlara howp salýan toksinleri bölüp çykarmaga ukyply sianobakteriýalar ýüze çykaryldy. «Izwestiýa» gazetiniň habar bermegine görä, bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Limnologiýa institutynyň (LIN SO RAN) geçiren barlagynda aýdylýar.
Mikrosistinler bedene düşende zäherlenmä we bagryň zeperlenmegine sebäp bolup biler. Saksitoksinler bolsa nerw impulslarynyň geçirijiligini bökdeýär. Agyr ýagdaýlarda bu ysmazlyga, hatda ölüme hem getirip biler.
Käbir ýerlerde bu toksinleriň mukdary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň rugsat edýän derejesinden ýokary bolupdyr.
«Baýkal örän uly köl, onuň esasy bölegi arassalygyna galýar. Emma adamlaryň dynç alýan kenarýaka zolaklarynda suwdaky toksinleriň mukdary rugsat edilýän derejeden birnäçe esse ýokary bolmagy ähtimal» diýip, institutyň suw mikrobiologiýasy barlaghanasynyň müdiri Olga Belyh düşündirýär.
Onuň aýtmagyna görä, mikroorganizmleriň işjeňligi syýahatçylaryň arasynda meşhur bolan Çiwyrkuý we Barguzin aýlaglarynda, Kiçi Deňiz bogazynda, Posolskiý Sor aýlagynda hem-de Prowal aýlagynda has ýokarydyr.
Öňler Baýkalyň suwunyň arassalygy sebäpli, bu mesele köl babatda derwaýys hasaplanmaýardy. Emma hünärmenler ilki toksin öndürmäge ukyply bakteriýalaryň genetiki yzlaryny ýüze çykardylar, soňra bolsa suwdan we kölüň düýbündäki çökündilerden şol maddalaryň özüni tapdylar.
Alymlaryň bellemegine görä, sianobakteriýalaryň köpelmegine ýalpak suwly ýerler, temperaturanyň ýokarlanmagy, ýelsiz howa we suwuň durgunlygy ýardam edýär. Suwuň «güllemegi» ilatly ýerlerden we syýahatçylyk merkezlerinden ýeterlik derejede arassalanmadyk lagym suwlarynyň akdyrylmagy bilen hem bagly bolmagy mümkin.