FIFA kiberhüjüme sezewar boldy: Hakerler içerki we maliýe resminamalary ogurladylar

Şu gün, 11:03732

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) kiberhüjüme sezewar boldy. Netijede, hüjümçiler guramanyň şahsy we işewür maglumatlarynyň çäkli bölegine eýe boldular. Bu barada federasiýanyň wekilleri habar berýär.

«FIFA häzirki wagtda bu boýunça degişli edaralar, şol sanda hukuk goraýjy guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär» diýlip, federasiýanyň resmi beýanatynda bellenilýär.
Hüjümiň haçan amala aşyrylandygy we hususan, haýsy maglumatlaryň ogurlanandygy barada bolsa anyk maglumat berlenok.

Mundan bir hepde öň «Handsome Boy Hacking Club» (HBHC) atly haker topary X sosial ulgamynda FIFA bilen baglanyşykly faýllaryň suratlaryny çap edipdi. Häzirki wagtda şol toparyň hasabyna girip bolmaýar. Platformanyň habarnamasynda bolsa hasabyň düzgünleri bozandygy sebäpli ýapylandygy aýdylýar.

Hakerleriň tassyklamagyna görä, olar jemi 12 gigabaýtdan gowrak maglumaty ele salypdyrlar. Olaryň arasynda şahsyýetnamalar, migrasiýa resminamalary, FIFA-nyň ýolbaşçylary baradaky maglumatlar, maliýe hasabatlary, hukuk we guramanyň içerki dolandyryşyna degişli resminamalar bar.

Ýatladyp geçsek, ýaňy-ýakynda FIFA başga-da bir dawa-jenjeliň hem merkezinde bolupdy. 2026-njy ýylyň tomsunda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyndan soň, federasiýanyň prezidenti Janni Infantino ýaryşyň täjirçilik hukuklarynyň belli bir bölegini hususy maýadarlara satmak meýliniň bardygyny mälim edipdi.

Oňa görä, täjirçilik hukuklarynyň, takmynan, 20%-ini Donald Trampyň giýewsi Jared Kuşneriň dogany Joşua Kuşneriň ýolbaşçylyk edýän hususy maýadarlar toparyna bermek göz öňünde tutulýardy.

Birnäçe ýurduň milli futbol federasiýalary tarapyndan berk tankyt edilenden soň, FIFA bu meýilnamasyndan ýüz öwürdi.