Ýer ýüzüniň üstki gatlagynyň ortaça temperaturasy ilkinji gezek bassyr 6 gün senagatlaşmadan öňki döwürdäki derejeden azyndan 2°C ýokary boldy. 23-nji noýabrda bu görkeziji, hatda rekord derejä – 2,24°C-ä ýetdi. The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, howanyň ýokary temperaturasy ýene birnäçe gün dowam eder diýlip çaklanylýar.
Mundan öň Ýer ýüzündäki temperatura bary-ýogy iki gezek 2°C derejesinden ýokary galypdy. Bu ýagdaý 2023-nji ýylyň noýabr aýynda we 2024-nji ýylyň fewralynda bolupdy. Emma şol döwürlerdäki ýokary temperatura has gysga dowam etdi we häzirki ýagdaý bilen deňeşdirilende, derejesi-de pes boldy.
Häzirki wagtda howanyň adatdan daşary gyzmagynyň dowamlylygy Pariž ylalaşygynda kesgitlenen howa ýagdaýy bilen bagly çäkden geçdi diýip netije çykarardan bärräk. Şeýle-de bolsa alymlar parnik gazlarynyň atmosfera zyňylmagy tiz wagtda azaldylmasa, geljekde ýüze çykyp biljek howply netijeleriň ilkinji alamatlarynyň eýýäm ýüze çykyp başlandygyny duýdurýarlar.
Yssy howanyň edil häzir güýçlenmegine adam işjeňligi bilen baglanyşykly uzak möhletli global maýlamanyň üstüne güýçli El-Ninýo hadysasynyň hem goşulmagy sebäp boldy. Bu tebigy hadysa noýabr aýynyň ahyry bilen ýanwar aýynyň aralygynda iň ýokary derejesine ýeter diýlip garaşylýar. Onuň howanyň ýagdaýyna ýetirjek doly täsiri bolsa diňe geljekki birnäçe aýyň dowamynda belli bolar.
Copernicus howanyň üýtgemegini öwreniş gullugynyň howa meseleleri boýunça strategik ýolbaşçysy Samanta Berjessiň aýtmagyna görä, şeýle güýçli El-Ninýo hadysasy iň soňky gezek 1870-nji ýyllarda bolup geçipdir.
Howanyň adatdan daşary gyzmagy tropiki tokaýlaryň kömürturşy gazyny özüne siňdirmek ukybyna hem täsir edip başlady. Amazonka sebitinde we Indoneziýada ýüze çykýan gurakçylyk hem-de giň gerimli ýangynlar bu ýerlerdäki ekoulgamlaryň ösüşini haýalladýar.
Rekord derejedäki yssy howanyň adam pidalaryna getirip bilýändigi-de täzelik däl. Diňe şu ýylyň tomsunda howanyň adatdan daşary ýokary temperaturasy Ýewropa Bileleşiginiň çäginde 50 müňden gowrak, Beýik Britaniýada bolsa, takmynan, 5 müň adamyň ömür tanapyny kesdi.
Samanta Berjess hökümetleriň parnik gazlarynyň atmosfera zyňylmagyny azaltmak boýunça işleri çaltlandyrmak bilen bir hatarda, infrastrukturany hem täze howa şertlerine uýgunlaşdyrmalydygyny nygtady:
«Häzirki wagtda ulanylýan infrastruktura häzirki zaman howa şertlerine laýyk gelmeýär. Munuň netijesinde şu tomus hem birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolduk: asfalt eredi, demir ýol relsleri gyşardy, mekdepler işini wagtlaýyn togtatdy, hassahanalar hem aşa agram bilen işlediler. Geljekde şeýle ýagdaýlar has-da köpeler. Şonuň üçin biz howanyň mundan beýläk hem güýçli gyzmagyna taýýar bolmalydyrys».