Gonkongda parom ýüzýän gämi duralgasyny süsdi: 22 adam ýaralandy

Şu gün, 15:062,194

Gonkongyň suw giňişliginde parom ýüzýän gämi duralgasy bilen çaknyşdy. Netijede, 22 adam ýaralandy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.

Heläkçilik nebit we gaz terminallarynyň ýerleşýän Çin-Ýi adasynyň golaýynda bolup geçdi. Paromda 35 ýolagçy we 11 ekipaž agzasy bardy.

Deslapky maglumatlara görä, çaknyşyga rul ulgamynda dörän näsazlygyň sebäp bolan bolmagy mümkin. Gäminiň kapitany dolandyryşy ýitirenden soň, ol duralga baryp urlupdyr.

Wakanyň bolan ýerine 15 sany tiz kömek ulagy we halas ediş gulluklarynyň işgärleri ugradyldy. Ýaralananlaryň ikisiniň ýagdaýy agyr.