Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherindäki Birutes köçesinde zir-zibil konteýneriniň golaýyndan tas 90 ýyl bäri gözlenilýän «Mindowgyň täç geýdiriliş dabarasy» atly surat tapyldy. Ol iki sany raýat tarapyndan Pranas Gudinonyň dikeldiş merkezine tabşyrylypdyr. Bu barada Litwanyň Milli sungat muzeýiniň baş direktory Arunas Gelunas habar berdi.
Suratda Litwanyň ilkinji we ýeke-täk şasy Mindowgyň 1253-nji ýylda dyza çöküp, täç geýdirýän ruhanynyň öňünde baş egýän pursady şekillendirilýär.

Bu suratyň awtory litwaly nakgaş Rimtas Kalpokasdyr. Ol bu eseri 1939-njy ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen Bütindünýä sergisinde Litwanyň pawilýony üçin döredipdir. Suratyň gapdalynda onuň kakasy Pýatras Kalpokasyň hem «Napoleon 1812-nji ýylda Litwa hökümet berýär» we «1918-nji ýylyň 16-njy fewralynda garaşsyzlygyň jar edilmegi» atly iki eseri görkezilipdir.
Sergi tamamlanandan soň, «Mindowgyň täç geýdiriliş dabarasy» atly eseri gürüm-jürüm bolýar. Şondan bäri-de, ençeme ýyllap bu surat ýiten hasap edilip gelindi.

Rimtas Kalpokas (1908–1999) suratkeş we grafika ussadydyr. Ol Kaunas we Italiýanyň Monza şäherlerinde bilim alypdyr. Soňra Kaunas şäherinde sungatdan sapak beripdir. Suratkeş, esasan, peýzažlary we adamlaryň portretlerini çekipdir, şeýle hem grafika we freska sungaty bilen meşgullanypdyr.
Häzirki wagtda tapylan surat has giňişleýin öwrenmek we dikeltmek üçin Pranas Gudynonyň dikeldiş merkeziniň hünärmenlerine tabşyryldy. Gorap saklamak we dikeldiş işleri tamamlanandan soň, Litwanyň Milli sungat muzeýiniň hünärmenleri eseriň ätiýaçlandyryş bahasyny kesgitlärler. Onuň taryhy ähmiýeti göz öňünde tutulanda, bu bahanyň birnäçe ýüz müň ýewro ýetmegi mümkin.