Londonda iýilýän 50 sany binagärlik desgasynyň sergisi açyldy

Şu gün, 16:201,334
1 / 2

Londonda onunjy The Gingerbread City sergisi açyldy. Euronews-yň habar bermegine görä, ol meşhur ýadygärlikleriň nusgalaryndan başlap, futuristik gökdirän binalara çenli 50 sany iýilýän desgany bir ýere jemleýär.

Sergi şäher durmuşynyň geljegine we binagärligiň howanyň üýtgemegine nähili uýgunlaşyp biljekdigine bagyşlanýar.

Esasy eksponatlaryň arasynda binanyň häsiýetli simmetriýasyny suratlandyrmak üçin binagär Zak Wortonyň kompýuteriň kömegi bilen taslamalaşdyryp döreden kiçijik Royal Albert Hall konsert zaly bar. Şonuň ýaly-da, köke şäherinde mawy şekerden edilen derýalaryň üstünden geçýän zenjebilli hamyrdan bişirilen köprüler, zefir monstrlary we beýik iki jaýyň arasyndan aslyşyp duran Aýazbabanyň heýkeljigi bar.

Binagärlik muzeýi tarapyndan gurnalan şu ýylky sergi Future Forward temasy astynda geçýär we binagärleri desgalary howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmagyň hem-de adamlaryň abadançylygyny üpjün etmegiň ýollaryny gözlemäge çagyrýar.

Futuristik desgalaryň biri bolan SpireHive gökdirän binasy diri suwotular we öz-özüni dikeldýän beton ýaly innowasiýalary hödürleýär.

Şonuň ýaly-da sergä öýsüzlere kömek edýän St Mungo's haýyr-sahawat guramasy hem gatnaşýar. Great British Bake Off bäsleşiginiň öňki gatnaşyjysy Kerol Puý Men Li öýsüzligi başdan geçiren adamlaryň durmuş tejribesinden ruhlanyp, bu sergi üçin bäş sany desga döredipdir.

On ýyllyk şanly senesini belleýän The Gingerbread City sergisi 28-nji noýabrda Holborn etrabyndaky Space House-da öz işine başlady. Sergi 2027-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli dowam eder.