Durow: iPhone ulanyjylarynyň şahsy maglumatlaryna howp abanýar

Şu gün, 13:582,044
1 / 2

28-nji noýabra geçilen gije Telegram messenjeri iPhone ulanyjylaryna operasiýa ulgamyny gyssagly täzelemegi maslahat berýän köpçülikleýin bildirişleri iberdi. Habarnamalarda iOS ulgamynyň köne wersiýalarynda ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna we hasaplaryna howp salyp biljek ýerleriň bardygy aýdylýar.

Telegram-yň operasiýa ulgamynyň haýsy wersiýalaryny köne hasaplaýandygy anyklaşdyrylmaýar. Mundan başga-da, şeýle bildirişler ähli ulanyjylara gelip gowuşmady.

Messenjeriň esaslandyryjysy Pawel Durow duýduryşlaryň biriniň skrinşotyny paýlaşyp, «iPhone ulanyjylarynyň köpçülikleýin haker hüjümlerine sezewar edilýändigini» mälim etdi.

«Eger iOS ulgamyňyz çalaja könelen bolsa-da, ähli maglumatlaryňyza howp abanýar. Hakerleriň hasabyňyza girmekleri üçin ýönekeýje bir web sahypasyny açmagyňyz hem ýeterlik» diýip, ol başga goşmaça maglumat bermän ýazdy.

Bu duýduryş soňky döwürde uly kiberhadysalar barada yzygiderli habarlaryň peýda bolýan wagtyna gabat geldi. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda iň iri açar söz dolandyryjylarynyň biri bolan 1Password-yň, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw müdirliginiň (CIA) we ýene azyndan iki sany amerikan aňtaw gullugynyň, şeýle hem Federal Derňew býurosynyň (FBI) haker hüjümlerine sezewar bolandygy barada habar berildi.

Oktýabr aýynyň ahyrynda hakerler Binance kriptobiržasyna hüjüm etdiler. Kiberhüjüm netijesinde ýetirilen zyýanyň, takmynan, 6,3 milliard dollara barabardygy çaklanylýar.

Mundan başga-da, 27-nji noýabrda Revolut finteh-banky töleg kompaniýalarynyň birinde ýüze çykan howpsuzlyk hadysasyndan soň müşderileriniň bank kartlaryny wagtlaýyn petikläp başlady.