4-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda nemes pianinoçysy Mattias Kirşnereitiň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde konserti geçiriler. Orkestre Rasul Gylyjow dirižýorlyk eder.
Konsertiň maksatnamasynda Frans Şubert, Feliks Mendelsson-Bartoldi, Klod Debýussi, Sergeý Rahmaninow, Frederik Şopen we Eduard Grigiň eserleri ýerine ýetiriler.
Konsertiň birinji bölüminde Şubertiň «Wenger mukamy», Mendelsson-Bartoldiniň «Çynlakaý wariasiýalary», şeýle hem Debýussiniň «Suwuň şöhlelenmesi» we «Hereket» eserleri ýaňlanar.
Soňra Sergeý Rahmaninowyň üç prelýudiýasy ýerine ýetiriler. Şeýle hem Frederik Şopeniň aradan çykandan soň neşir edilen do-diez minor Noktýurny we 31-nji opusyndaky si-bemol minor Skerso eserleri ýaňlanar.
Konsertiň ikinji bölüminde Mattias Kirşnereit Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş eder. Bu bölümde Edward Grigiň eserleri ýerine ýetiriler.
Konsert Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralýar.
Konsert sagat 19:00-da başlanar. Giriş mugt.