Mejlis korrupsiýa garşy seljerme hakynda we başga-da birnäçe kanun taslamalaryny kabul etdi

28.11.2026, 18:307,435

Şu gün, 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçirildi. Onda ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Ilkinji seredilen kanun taslamalarynyň biri «Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we olaryň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi hakynda» boldy we deputatlar ony makullady.

Şeýle hem döwletiň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak maksady bilen şu aşakdaky Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryna seredildi we biragyzdan kabul edildi:

  • «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň artykmaçlyklary we aýratyn hukuklary hakynda Ylalaşyga goşulmak hakynda»;

  • «Ösümlikleriň karantini we goragy boýunça Halkara konwensiýa goşulmak hakynda»;

  • «Merkezi Aziýany ХХI asyrda ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda Şertnamany tassyklamak hakynda»;

  • «Goranmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda»;

  • «Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Şertnama goşulmak hakynda»;

  • «Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna goşulmak hakynda».

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan we makullanylan kanun taslamalarynyň arasynda şular bar:

  • «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,

  • «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,

  • «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda».

Maslahatda çykyş eden deputatlar kabul edilen resminamalaryň ýurduň hereket edýän kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirip, ähli ulgamlary ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we raýatlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady. 

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen kanunlary ilata düşündirmekde hem-de döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny wagyz etmekde ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.