Özbegistanyň başlangyjy bilen 2027-nji ýyl türki dünýäsinde Çolpan ýyly diýlip yglan edildi. Degişli karar TÜRKSOÝ-yň 43-nji mejlisinde kabul edildi.
Özbegistanyň Andijan şäherinde geçirilen mejlise TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleri we wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew gatnaşdy.
Duşuşyk «Andijan — 2026-njy ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty» meýilnmasynyň ýapylyşyk dabarsynyň çäginde geçirildi. Onuň dowamynda TÜRKSOÝ-yň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy, türki halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek we umumy taryhy mirasy halkara derejesinde wagyz etmek meselelerine garaldy.
Mejlise gatnaşyjylar 2027-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty boljak Türkiýäniň Kaýseri şäherinde geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna ýokary baha berdiler. Şol bir wagtda 2028-nji ýylda bu derejäni Gyrgyzystanyň Talas şäherine bermek baradaky teklip hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

2027-nji ýylyň Çolpan ýyly diýlip yglan edilmegi özbek şahyry, ýazyjysy, terjimeçisi we dramaturgy Abdulhamyt Süleýman ogly Çolpanyň doglan gününiň 130 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. Ol häzirki zaman özbek şygryýetiniň düýbüni tutujylaryň biridir. Şahyr Stalin döwrüniň tutha-tuglugynyň pidasy bolupdy. Ol 1937-nji ýylda tussag edilip, 1938-nji ýylyň oktýabrynda Daşkentde atylyp öldürilýär.
Mejlisiň dowamynda Gyrgyzystanyň meşhur ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli 2028-nji ýyly Aýtmatow ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibe hem seredildi.