Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti 138 mlrd manat möçberinde kesgitlendi

Şu gün, 15:402,483

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna gol çekdi. Indi resmi türkmen metbugatynda resminamanyň doly teksti neşir edildi.

Kanuna laýyklykda, 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary 138 068,4 million manat möçberinde tassyklanyldy. Bu möçbere 36 500 million manat bolan býujetiň birinji derejesi hem girýär.

Merkezleşdirilen býujet girdejiler we çykdajylar boýunça 125 823,7 million manat möçberinde kesgitlenildi. Şol sanda býujetiň birinji derejesi 24 255,3 million manat bolar.

Şeýle hem Kanun umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň kadalyk ölçeglerini belleýär:

  • Aşgabat şäheri — goşulan baha üçin salgytdan 4,8%, peýdadan alynýan salgytdan 4,8% we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan 7%;
    Arkadag şäheri — goşulan baha üçin salgytdan 100%, peýdadan alynýan salgytdan 100% we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan 0%;
    Ahal welaýaty — degişlilikde, 100%, 99% we 100%;
    Balkan welaýaty — degişlilikde, 23%, 22% we 23%;
    Daşoguz welaýaty — degişlilikde, 100%, 100% we 0%;
    Lebap welaýaty — degişlilikde, 100%, 100% we 100%;
    Mary welaýaty — degişlilikde, 73%, 73% we 73%.

2027-nji ýylda Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin Merkezleşdirilen býujetden 3 303,3 million manat möçberinde serişdeler göz öňünde tutuldy:

  • Arkadag şäheri — 271,3 million manat;
    Daşoguz welaýaty — 1 879,3 million manat;
    Lebap welaýaty — 1 152,7 million manat.

Ýerli býujetleriň möçberi 15 548 million manat möçberinde tassyklanyldy:

  • Aşgabat şäheri — 2 743,3 million manat;
    Arkadag şäheri — 323,5 million manat;
    Ahal welaýaty — 1 894,2 million manat;
    Balkan welaýaty — 1 664,5 million manat;
    Daşoguz welaýaty — 2 812 million manat;
    Lebap welaýaty — 3 128 million manat;
    Mary welaýaty — 2 982,5 million manat.

Döwlet býujetiniň goralan çykdajy maddalary hökmünde şular kesgitlenildi:

  • zähmet haky;
    pensiýalar;
    döwlet kömek pullary;
    talyp haklary.

Býujet ýetmezçiligi emele gelen ýagdaýynda, ony maliýeleşdirmek kanunçylyga laýyklykda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeleriň we býujet serişdeleriniň emele gelen galyndylarynyň hasabyna amala aşyrylar.

2027-nji ýylda býujete gelip gowşan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk bolan bölegi ilkinji nobatda şulara gönükdiriler:

  • bank karzlary boýunça bergileri üzmäge;
    döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly ugurlary maliýeleşdirmäge.

Şeýle-de, Kanun Türkmenistanyň kanunlarynyň, Prezidentiniň Permanlarynyň, Kararlarynyň we Buýruklarynyň kabul edilmegi bilen baglylykda Döwlet býujetiniň görkezijilerini düzetmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda tygşytlanan serişdeler zerur bolan ýagdaýynda beýleki çykdajy maddalaryna gönükdirilip bilner.

Aýratyn düzgünler pensiýa gatançlaryna hem-de awtoulaglaryň ýerlenilmegi we awtoulag serişdeleriniň eýeleri bilen baglanyşykly ýygymlara degişlidir. Şeýle girdejiler göz öňünde tutulan meýilnamadan artyk gelip gowşan halatynda, degişli çykdajylar hem şol möçberde artdyrylyp bilner.