Aşgabatdaky halkara maslahatda ulag ulgamyndaky zähmet kadalary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 11:11249
1 / 12

26-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahata GDA ýurtlarynyň zähmet, iş bilen üpjünçilik we ulag ulgamyndaky degişli düzümleriniň, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ulag ulgamynda zähmet kadalaryny ösdürmek, howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek, şeýle hem ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylýan şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribäni alyşmak meselelerine seredildi.

Halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge we olaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar sebit ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen köpugurly we howpsuz ulag infrastrukturasyny döretmegiň ähmiýetini bellediler, şeýle hem Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň netijeli peýdalanylmagy baradaky pikirlerini orta atdylar.

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Şeýle hem ol 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Çözgüdiň ähmiýetini belledi.

Maslahatda Türkmenistanyň zähmeti goramak, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleri barada hem maglumat berildi.

Çärä gatnaşyjylar toplanylan oňyn tejribäni yzygiderli alyşmagyň we ulag hem-de zähmeti goramak edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini tekrarladylar.