25-nji noýabrda Brýussel şäherinde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Onda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, ÝB tarapyna bolsa Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin we ÝB-niň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Syýasy dialogy pugtalandyrmak, şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar energetika, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ulag arabaglanyşygy we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilim, ylym, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermek hem-de «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler hem gozgaldy.
Mundan başga-da, taraplar geljekki ädimleriň ýol kartasyny taýýarlamak meselesine garadylar we 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy sebit çäreleriniň tertibini ylalaşdylar.
Duşuşygyň jemi boýunça taraplar geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini belläp, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.