26-njy noýabrda Türkmenistanyň DIM-iniň binasynda ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň ilçisi Farýal Legari bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garadylar.
Taraplar, esasan, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem bilelikdäki sebit infrastruktura taslamalaryny ilerletmek meselelerine üns berdiler.
Mundan başga-da, sebit hyzmatdaşlygy we halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça, Raşid Meredow we Farýal Legari işjeň syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.