Raşid Meredow Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

Şu gün, 12:0795
1 / 2

26-njy noýabrda Türkmenistanyň DIM-inde ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenilip, taraplaryň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary nygtaldy.

Şonuň ýaly-da duşuşykda söwda-ykdysadyýet, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, özara bähbitli konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.