GDA ýurtlary umumy zähmet bazaryny ösdürmegi we sanly ulgamdaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Düýn, 20:022,097
1 / 5

27-nji noýabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 112-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynda habar berilýär.

Mejlise Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Gatnaşyjylar özara ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini, şeýle hem ylmy, saglygy goraýyş, maglumat-bilim we seljeriş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Sanly tehnologiýalar ulgamyndaky tejribe we öňdebaryjy çözgütler bilen paýlaşmaga aýratyn üns berildi.

GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmegine, ýurtda geçirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine we mazmunyna  ýokary baha berdi. GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşykda başlyklyk eden döwründäki işi üçin Hojamyrat Geldimyradowa we türkmen wekiliýetine hoşallyk bildirdi.

Mejlisiň esasy çözgütleriň biri GDA gatnaşyjy döwletleriň 2026–2030-njy ýyllar üçin umumy zähmet bazaryny döretmek we işçi güýjüniň migrasiýasyny kadalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamasynyň tassyklanylmagy boldy. Resminamada zähmet bazaryny kadalaşdyrmak boýunça çemeleşmeleri ylalaşmak, zähmet migrantlarynyň hünär mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, iş üpjünçiligi we zähmeti goramak ulgamlarynda kepillikleriň berjaý edilmegini üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Ykdysady geňeş GDA ýurtlarynyň raýat awiasiýasynda uçarmansyz awiasiýa ulgamlaryny ösdürmek we ulanmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi baradaky Ähtnamanyň taslamasyny makullady. Ol kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirmegi we şeýle ulgamlary ulanmagyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Taslamany GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşine hödürlemek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar ýüze çykýan ykdysady meselelere bilelikde garşy durmak çäreleri barada çözgüt kabul etdi. Ol emeli aň tehnologiýalaryny we innowasiýalary ulanmak, oba hojalygy, ýeňillikli ykdysady zolaklar we statistika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Mejlisde birnäçe beýleki çözgütlere we resminamalara hem garaldy. Beýleki meseleleriň hatarynda gatnaşyjylar GDA-nyň Döwletara statistika komitetini maliýeleşdirmegi we demirýol ulaglaryndaky nyrh syýasatyny ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda jemgyýetçilik-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2027-nji ýylyň 12-nji martynda Moskwada geçirmek meýilleşdirilýär.