Jonatan Anderson ilkinji gezek öz brendiniň adyndan krossowka çykardy

Düýn, 12:301,832
1 / 12

JW Anderson brendi Anchor atly krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu Christian Dior-yň döredijilik direktory bolup işleýän dizaýner Jonatan Andersonyň hut öz brendi üçin ýörite döreden ilkinji krossowkasydyr. Mundan öň ol aýakgap modellerini diňe beýleki markalar bilen hyzmatdaşlykda taýýarlaýardy.

Täze modeliň dizaýny köne döwrüň ylgaw krossowkalaryndan ylham alnyp döredildi. Krossowka inçe şekili, ýeňil gurluşy we assimmetrik dizaýny bilen tapawutlanýar. Aýakgabyň ýokarky bölegi neýlondan we italýan zamşadan, oltaňy bolsa ýeňiljek EVA rezininden taýýarlanypdyr.

Böwründe ýerleşdirilen uly gämi labyrynyň şekili aýakgabyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Ol dizaýneriň atasynyň maşgala tugrasyna salgylanýar. Şeýle-de onuň bagjyklaryna JW Anderson brendiniň tanalýan nyşanlarynyň biri bolan ylgap barýan towşan şekilli asma bezegi ýerleşdirilipdir.

Anchor modeli dört reňkde: gök, çägesöw, süýt we goňur reňkde çykaryldy. Köwşüň bir jübütiniň bahasy 595 dollar. Krossowkalar eýýäm brendiň dükanlarynda we onuň resmi internet sahypasynda satuwa çykaryldy.