Vogue ýylyň iň geýnüwli meşhur adamlaryny saýlady: olaryň arasynda Holland bilen Bellingem hem bar

Düýn, 20:025,188
1 / 5

Britaniýanyň Vogue žurnaly iň geýnüwli meşhur adamlaryň ýyllyk sanawyny çap etdi. Oňa 50 adam, şol sanda şazada William we aýaly Keýt Middlton, şeýle hem futbolçylar Jud Bellingem bilen Erling Holland dagy girdi.

Keýtiň bu sanawa ilkinji gezek girişi däl: žurnal geçen ýyl hem onuň geýnişini ykrar edipdi. Bu sapar Britaniýa tagtynyň mirasdüşeri hem redaktorlaryň ünsüni özüne çekdi. Žurnalistler olary 2026-njy ýylyň iň geýnüwli jübüti diýip atlandyrdylar.

«Keýtiň geýim saýlaýşy şa maşgalasyna mahsus nepislik bilen ýönekeýligiň arasyndaky deňagramlylygy ussatlarça saklaýar. Onuň egin-eşikleri üç çagaly enäniň durmuş ýörelgesine doly laýyk gelýän, uzak wagtlap ýörgünliligini ýitirmejek geýimlere baý. Keýt sport we dynç alyş üçin niýetlenen nusgawy eşiklerde özüni has rahat duýýan ýaly görünse-de, onuň ajaýyp agşamky köýnekleri, esasan hem, olary maşgala arhiwindäki ýalpyldawuk şaý-sepler bilen utgaşdyranda hemişe haýran galdyrýar» diýip, žurnalistler belleýär.

«Real Madridiň» ýarymgoragçysy Jud Bellingem futbol meýdançasyndan daşarky geýnişi bilen moda synçylarynyň ünsüni çekmegi başardy. Vogue žurnalynyň baha bermegine görä, ol oýny ýaly daşky keşbi bilen hem täsir galdyrýan seýrek futbolçylaryň biridir. Neşir onuň Louis Vuitton brendiniň Speedy torbasy bilen döreden keşbine aýratyn ünsi çekdi.

Vogue žurnalynyň bellemegine görä, «Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand özüne aşa çynlakaý çemeleşýänleriň hataryna girmese-se, aksesuarlary örän ünsli saýlaýar. Žurnal onuň Hermès brendiniň torbalaryndan ybarat kolleksiýasyna ünsi çekip, bu ýagdaýyň žurnalistlere ýaş Dewid Bekhamyň Old-Bond köçesindäki butikleriň öňünde suratçylaryň kameralaryna ýygy-ýygydan düşen döwrüni ýatladandygyny ýazýar. Şeýle-de olar Holandyň saçyny gysgaltmazdan ozal ulanan saç rezinlerini hem üns bilen saýlandygyny belläp geçýärler. Futbolçy koreý-norweg brendi Kknekki-niň önümlerini halaýar.

Sanawa 2026-njy ýylda durmuş guran aýdymçy Dua Lipa bilen aktýor Kallum Terner hem girdi. Vogue žurnaly aýdymçynyň Chanel brendiniň 480 müň monjuk we 25 müň ýelek bilen bezelen toý köýnegini aýratyn belläp geçdi:

«Onuň Chanel brendinden geýen toý köýnegi, şübhesiz, şu ýylyň iň ajaýyp lybasy boldy. Döredilmegine 1 155 sagat sarp edilen kutýur köýnegi Matýe Blaziniň toý lybaslarynyň modasyndaky ussatlygyny görkezdi. 2026-njy ýylyň iň gowy geýinen öýlenýän ýigidi baýragy bolsa Louis Vuitton penjeginde “hawa” jogabyny beren Kallum Terneriň paýyna düşdi».

Sanawa giren beýleki meşhur adamlaryň arasynda geljekki 007 agentiniň keşbini janlandyrjak Robert Pattinson, hukukçy Amal Kluni, Zendaýa, Jessi Bakli, Oliwiýa Kolman, Garri Staýls, Jilliýan Anderson, Oliwiýa Din we Charli XCX hem bar.