Şuweýhat adasynda gadymy ýyrtyjy haýwanyň näbelli görnüşi tapyldy

Düýn, 15:054,425
1 / 3

BAE-niň Abu-Dabi emirligine degişli Şuweýhat adasynda, takmynan, 7 mln ýyl ozal ýaşan, öň ylymda näbelli bolan ýyrtyjy süýdemdirijiniň galyndylary tapyldy. Bu barada The National gazeti habar berdi.

Täze urug we görnüş emirligiň hormatyna Promegaviverra abudhabiensis diýlip atlandyryldy.

Bu ylmy barlag Abu-Dabiniň Tebigy taryh muzeýiniň hünärmenleri Madridiň Complutense uniwersitetiniň paleontology Alberto Walençiano bilen bilelikde geçirildi. Alymlar bu haýwanyň agramynyň azyndan 20 kg bolandygyny anykladylar. Ol pişikşekilliler toparyna degişli bolan wiwerralar maşgalasyna girýär. Ol Arap ýarym adasynda tapylan wiwerralar maşgalasynyň ilkinji wekilidir.

Haýwanyň beýleki görnüşler bilen garyndaşlyk baglanyşygyny anyklamak üçin alymlar adada tapylan äň süňküniň böleginiň sanly 3D nusgasyny öwrendiler.

«Biz onuň wiwerralar maşgalasynyň beýleki wekilleri bilen nähili garyndaşlyk baglanyşygynyň bardygyny anyklamak üçin ýörite seljerme geçirdik. Netijede, onuň täze uruga hem-de täze görnüşe degişlidigini anykladyk» diýip, Alberto Walençiano gürrüň berdi.

Geljekde bu tapyndy we gadymy haýwanyň daşky keşbiniň rekonstruksiýasy Abu-Dabiniň Tebigy taryh muzeýiniň ekspozisiýasyna goşulyp biler.

Şuweýhat adasynda meýilleşdirilýän indiki meýdan ylmy-barlag işleri 2027-nji ýylyň mart aýynda geçiriler.