Ýaponiýanyň Şirahama şäherindäki «Adventure World» haýwanat bagynda ilkinji gezek emeli tohumlandyrma usuly arkaly kekeçli demirgazyk pingwininiň jüýjesi dünýä indi.
Etenäniň ýumurtgadan çykyşyna 28-nji noýabrda YouTube-da göni ýaýlymda 19 müňden gowrak adam tomaşa etdi.
DNT barlagy etenäniň kakasynyň onuň enesi bilen jübüt bolup ýaşaýan erkek pingwin däl-de, emeli tohumlandyrma üçin biologik materialy ulanylan başga bir pingwindigini tassyklady.
Haýwanat bagynyň işgärleriniň bellemegine görä, pingwinleri emeli tohumlandyrmak tehniki taýdan çylşyrymly iş bolmagynda galýar. Ýaponiýada we beýleki ýurtlarda şunuň ýaly köpelmegiň üstünlikli ýagdaýlary 18 sany pingwin görnüşiniň diňe dördüsinde hasaba alyndy.
Häzir jüýje haýwanat bagynyň myhmanlar üçin ýapyk böleginde saklanýar. Ony 2027-nji ýylyň ýazynda, ýüzmegi öwrenenden soň köpçülige görkezmek meýilleşdirilýär. Dekabr aýynyň ortalarynda haýwanat bagy jüýjä at saýlamak üçin açyk bäsleşik yglan eder.