«Voyager 1» kosmos enjamy Ýere ylmy we tehniki maglumatlary ibermegini bes etdi. Häzirki wagtda ol diňe hiç hili maglumat saklamaýan «boş» radiohabary iberýär. NASA-nyň aýtmagyna görä, maglumatlaryň iberilmegi 14-nji noýabrda, kosmos enjamynyň Ýerden bir ýagtylyk gününiň uzaklygyna ýetmegine bary-ýogy birnäçe gün galanda kesildi.
NASA-nyň inženerleri kosmos enjamyndan gelýän radiohabary entegem kabul etmegi dowam edýärler. Emma ol bortdaky enjamlaryň toplan ylmy we tehniki maglumatlaryny özünde saklamaýar. Hünärmenler radiohabaryň häsiýetlerini we enjamyň hereket edýän ugruny seljermek arkaly «Voyager 1»-iň Ýerden radiohabaryň bir günde geçip biljek aralygyna deň uzaklyga daşlaşandygyny tassykladylar.
Radiohabaryň henizem kabul edilmegi kosmos enjamynyň antennasynyň Ýere tarap gönükdirilen ýagdaýda galandygyny görkezýär. NASA-nyň hünärmenleri näsazlygyň enjamyň bort kompýuteriniň işleýşindäki bökdençlik bilen bagly bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Häzirki wagtda inženerler bu meseläni çözmäge synanyşýarlar. Emma Ýer bilen kosmos enjamynyň arasyndaky ägirt uly aralyk sebäpli, buýrugyň enjama ýetmegi we ondan jogabyň gelmegi üçin, takmynan, 24 sagat wagt gerek bolýar.
«Voyager 1» 1977-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýupiter we Saturn planetalaryny öwrenmek maksady bilen älem giňişligine uçuryldy. Ilkibaşda bu missiýanyň bäş ýyl çemesi dowam etjekdigi göz öňünde tutulypdy. Muňa garamazdan, kosmos enjamy eýýäm ýarym asyra golaý wagt bäri işlemegini dowam etdirýär. Energiýany tygşytlamak maksady bilen, inženerler onuň ylmy enjamlarynyň aglabasyny öçürdiler. Häzirki wagtda enjamdaky on sany ylmy guralyň diňe ikisi işleýär.
«Voyager 1» sagatda tas 61 müň kilometr tizlik bilen Ýedigen ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän Glize 445 ýyldyzynyň ugruna hereket edýär. Bu ýyldyz Ýerden, takmynan, 17 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Çak edilişine görä, ««Voyager 1» bilen aragatnaşygyň 2036-njy ýyla çenli doly kesilmegi ähtimal.