Lýuk Besson generatiw emeli aňyň kömegi bilen döredilen "Furious Five" atly doly metražly animasiýa filminiň üstünde işleýär. Režissýor filmiň önümçiligi üçin hytaýly ByteDance kompaniýasynyň Seedance 2.0 wideo modelini ulanýar.
World of Reel neşiriniň habaryna görä, Besson täze taslamasy barada Turin kinofestiwalynda kinematografiýa goşan goşandy üçin Stella della Mole baýragyny alan wagty gürrüň berdi.
Žurnalistleriň maglumatyna görä, "Furious Five" filminiň ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Filmi haýsy kompaniýanyň çykarjagy we haýsy kinofestiwallarda görkeziljegi entek belli däl.
Besson häzirki zaman kino senagaty barada hem pikirini paýlaşdy. Ol Holliwudyň esasy studiýalarynyň gurluşyny tankyt etdi. Onuň aýtmagyna görä, iri kompaniýalar bir taslama üçin müňlerçe adamy işe çekýär. Režissýoryň özi kinoň üstünde bary-ýogy 15 hünärmen bilen işleşýär. Besson bu ykjam formatyň has çalt karar kabul etmäge we döredijilik azatlygyny saklamaga mümkinçilik berýändigine ynanýar.
Lýuk Besson "Leon", "Bäşinji element", "Taksi", "Wasabi", "Ýamakasi" we "Lýusi" ýaly filmleriň režissýory we ssenariçisi hökmünde tanalýar.
Soňky döwür generasiýa tehnologiýalaryny ulanmakdan çekinmeýän kinorežissýorlar barha köpelýär. Mundan ozal fransiýaly režissýor Bruno Dýumon emeli aňyň kömegi bilen «The End» atly ylmy-fantastiki filmi döredýändigini habar beripdi. Dewid Finçer we Artur Harari hem öz taslamalarynda emeli aň tehnologiýalaryny ulanýandyklaryny tassyklapdylar.