Disney kinostudiýasy filmleriň görkeziliş tertibine üýtgetmeler girizdi. Täzelenen senenamada «Awatar» filminiň dördünji we bäşinji bölümleriniň görkeziljek seneleri hem belli boldy. Bu barada Screen Rant neşiri habar berýär.
«Awatar-4» filminiň ilkinji görkezilişi 2029-njy ýylyň 21-nji dekabryna, «Awatar-5» filminiňki bolsa 2031-nji ýylyň 19-njy dekabryna meýilleşdirilýär. Hut şu iki film bilenem režissýor Jeýms Kameronyň döreden meşhur filmler tapgyry tamamlanar.
Öň önümçilik we ýörite şekil effektlerine edilmeli çykdajylaryň ýokarydygy üçin, bu taslamalaryň geljegi şübhe astyna düşüpdi. 2025-nji ýylda tomaşaçylara hödürlenen «Awatar: Ot we kül» filmi maliýe taýdan garaşylýan netijeleri bermedi. Jeýms Kameronyň bellemegine görä, önümçilik çykdajylary barha artýar, bu bolsa filmleriň girdejisini peseldýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda Disney-iň filmiň soňky iki bölüminiň önümçilik çykdajylaryny azaltmagyň ýollaryny agtarýandygy aýdylýar.
Şeýle-de iki filme hut Jeýms Kameronyň režissýorlyk etjegi-de entek belli däl. Ol 2022-nji ýylda bu işini öz ynamdar režissýorlarynyň birine tabşyrmagynyň ahmaldygyny aýdypdy.
2026-njy ýylyň aprelinde prodýuser Reý Sançini Inverse neşirine beren interwýusynda eýýäm täze filmleriň üstünde işlenip başlanandygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, geljekki filmleriň ssenarileri örän ajaýyp, önümçilik işleri bolsa doly depginde dowam edýär.
Awgust aýynda Kameron özüniň döredijilik ýolundaky soňky taslamasynyň üstünde işleýändigini hem mälim etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri režissýoryň geljekki mümkin bolan taslamalarynyň hatarynda «Hirosimanyň ruhlary» atly eseriň ekranlaşdyrylmagyny, «Alita» filminiň dowamyny, «Terminator» filminiň altynjy bölümini we «Ajaýyp syýahat» filminiň täzeden surata düşürilmeginiň bardygyny belleýärler.