«Turkish Airlines» Türkmenistana uçuşlaryny saklamagynyň möhletini uzaltdy

17.06.2020, 22:4719,661

Dünýädäki çylşyrymly epidemiologik şertlerde «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkmenistanda howa gatnawlaryny bes etmeginiň möhletini 20-nji iýula çenli uzaltdy. Bu barada Arzuw News agentligi awiakompaniýanyň Aşgabatdaky bölümine salgylanyp habar berýär.
Kompaniýanyň wekiliniň nygtamagyna görä, Stambul – Aşgabat – Stambul ugry boýunça awia petekleriniň satuwynyň başlanandygy baradaky habar hakykata laýyk gelmeýär.
Ýatlatsak, «Turkish Airlines» kompaniýasy 11-nji iýundan başlap, käbir halkara gatnawlaryny dikeltdi.
Has anyk maglumaty almak üçin awiakompaniýanyň Aşgabatdaky sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: +99361014433
Belläp geçsek, ýakynda «Türkmenhowaýollary» COVID-19 pandemiýasy we ýolagçylaryň howpsuzlygy sebäpli awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyna çenli uzaldýandygyny habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.