Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

19.10.2020, 23:338,954

Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Said Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr» - diýlip hatda aýdylýar.
«Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz bilen ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny hem-de doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk boýunça bilelikde işlemäge taýýardygymy tassyklaýaryn» - diýlip bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.