Ýatkeşligiň kütelmegine we beýni keseline sebäp bolýan iýmitler aýdyldy

02.02.2021, 21:4522,744

Lukman we meşhur teleýaýlym alyp baryjysy Ýelena Malyşewa ýatkeşlik bilen baglanyşykly kynçylyk döredip hem-de Alsgeýmer keseliniň ösmegine sebäp bolup biljek iýmitleriň iki kategoriýasyny agzap geçdi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Lukman birinji topara düzüminde holesteriniň mukdary köp bolan doňuz etini, kremi ​​we ýagy goşdy. Hünärmen nahar bişirilende olaryň ýygy-ýygydan ulanylmagynyň ýadyň bozulmagyna sebäp bolup biljekdigini belläp geçdi.
Malyşewa ikinji kategoriýa bagyr, böwrek we ýürek ýaly mise baý iýmitleri goşdy.

"Ýadyňyz kütelişýän bolsa, onda bu önümler siziň üçin däl"-diýip, lukman "Sagdyn ýaşamak" programmasynda duýdurdy.

Lukman ýatkeşligi goramak üçin düzüminde D we E witaminler köp bolan iýmitleri iýmegi maslahat berdi: bugdaý we günebakar ýagy, treska balygynyň bagry we demirgazyk deňizleriniň balygy.
Malyşewanyň belleýşi ýaly, lukmanyň görkezmesine görä, holesteriniň ýaramaz täsirini onuň bagyrda öndürilmegine päsgel berýän statinleriň kömegi bilen azaldyp bolar.