Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýi ýene-de işläp başlady

12.04.2021, 20:1438,665

Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýi öz işini gaýtadan dikeltdi.

Haýwanat bagy duşenbeden başga her gün 9:00-dan 18:00-a çenli myhmanlara hyzmat edýär. Giriş peteklerini şol ýerdäki kassalardan alyp bolýar. 
Petekler 18:00-a çenli satylýar. Şol bir wagtda petek satyn alanlar haýwanat bagynda 20:00-a çenli gezelenç edip biler.
Bir petegiň bahasy — 3 manat, 3 ýaşa çenli çagalara giriş tölegsiz.
Ýatlatsak, Aşgabatdaky haýwanat bagy Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň karary bilen geçen ýylyň iýulynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen öz işini çäklendiripdi.

 

 

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.