«Türkmenhowaýollary» Dubaý — Türkmenabat ýörite uçuşy amala aşyrar

11.05.2021, 14:3724,591

«Türkmenistan» Awiakompaniýasy koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy netijesinde Birleşen Arap Emirliklerinde galan türkmen raýatlaryny ýurdumyza getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar.

Türkmenabadyň halkara howa menziliniň sowal-jogap gullugynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň raýatlaryny getirjek T5818 ýörite gatnawy 13-nji maýda ýerli wagt bilen 21:00-da Dubaýyň halkara howa menzilinden uçar. Uçar 14-nji maýda Aşgabat wagty bilen 00:30-da Türkmenabadyň halkara howa menziline gonar.
Türkmenistana dolanyp gelen ähli watandaşlarymyz hökmany karantin geçerler.
Türkmenistan daşary ýurtda galan raýatlaryny dolap getirmek boýunça işleri guramagyny dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.