Google Trampyň sosial ulgamynyň programmasyny programmalar dükanyna goşdy

14.10.2022, 13:597,207

Google amerikan kompaniýasy ulanyjylara ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň Truth Social sosial ulgamy üçin mobil programmasyny Google Play Store programmalar dükanyndan ýükläp almaga mümkinçilik berdi. Muňa TASS-yň habarçysy göz ýetirdi.

2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda şol wagt prezident bolan Trampyň tarapdarlary ABŞ-nyň Kongresinde 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleriniň tassyklanmagyna böwet bolmaga synanyşanlaryndan biraz wagtdan soň, Trampyň Twitter akkaunty blok edildi. Şondan soň ol özüniň Truth Social sosial ulgamynyň döredilendigini habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.